Ç. Jumaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ç. Jumaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady
dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 5, 246-njy madda)
Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren hyzmatlary, Beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän aýdym-sazlary döredenligi we ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly drama teatrynyň artistkasy Çynar Jumaýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2002-nji ýylyň 7-nji maýy
№ PP-3638