Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

M. Durdyýewa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

M. Durdyýewa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

M. Durdyýewa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady

dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 5, 245-nji madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň edermen halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, Beýik Garaşsyzlygymyzy, baky bitaraplygymyzy, türkmen halkymyzyň agzybirligini we jebisligini wasp edýän ajaýyp aýdymlary döredenligi we iňňän ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin, Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň aýdymçysy Maral Durdyýewa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2002-nji ýylyň 17-nji maýy

№ PP-3637