Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

H.A. Agahanowy «Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

H.A. Agahanowy «Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

H.A. Agahanowy «Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý.¸ № 2¸ 48-nji madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny¸ türkmen diplomatiýasyny ösdürmäge goşan şahsy goşandyny¸ türkmen-rus syýasy¸ ykdysady we medeni gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup¸ şeýle hem 50 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Russýa Federasiýasyndaky (Moskwa ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Halnazar Amannazarowiç Agahanowy «Alryn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2002-nji ýylyň 22-nji fewraly

№ PP-3559