J. Hojamgulyýewe «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
J. Hojamgulyýewe «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý.¸ № 2¸ 44-nji madda)
Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny¸ uzak ýyllaryň dowamynda ýaş nesle ata-babalarymyzdan miras galan jadylaýjy aýdym-saz sungatyna söýgi döretmekde çeken halal zähmetini¸ Beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän¸ halkymyzy ruhlandyrýan sazlary döretmekde gazanan üstünliklerini¸ şeýle hem ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny nazara alyp¸ karar edýärin:
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy¸ «Bilbiller» aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy Jumaguly Hojamgulyýewe «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2002-nji ýylyň 8-nji fewraly
№ PP-3552