Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý.¸ № 2¸ 37-nji madda)
Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň mähriban halkynyň beýik Garaşsyzlyk¸ berkarar¸ ösen we abadan döwlet gurmak hakyndaky mukaddes arzuw-maksatlarynyň myrat bolmagynyň şanyna hem-de türkmen halkymyzyň agzybirliginiň¸ jebisliginiň¸ döwletliliginiň nyşany bolan Döwlet baýdagymyzyň milli baýramçylygyny dabaralandyrmak maksady bilen karar edýärin:
2002-nji ýylyň 18-19-njy fewralyny Milli baýram - Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň Güni diýip yglan etmeli we şunuň bilen baglanyşykda şu ýylyň 18-nji fewralyny hem iş güni däl diýip bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2002-nji ýylyň 1-nji fewraly
№ PP-3545