G.Ahmedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
G.Ahmedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 10, 478-nji madda)
Türkmen halkynyň altyn asyrynda garaşsyz bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň edermen halkynyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, Ata Watanymyzyň oba hojalygyny ösdürmekde görkezen gahrymançylygyny we gazanan ajaýyp üstünliklerini hem-de ýaş neslimizi halal, merdana zähmetiň asyl nusgasynda terbiýelemekde bitiren uly işlerini nazara alyp, karar edýärin:
Lebap welaýatynyň häkimi Gedaý Ahmedowa iň ýokary tapawutlandyryş derejesini - Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» medalyny gowşurmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 19-njy oktýabry
№ PP-3474