Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

S. Çerkezowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

S. Çerkezowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

S. Çerkezowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 10, 477-nji madda)

Türkmen halkynyň altyn asyrynda garaşsyz bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň edermen halkynyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, Ata Watanymyzyň oba hojalygyny ösdürmekde görkezen gahrymançylygyny we gazanan ajaýyp üstünliklerini hem-de ýaş neslimizi halal, merdana zähmetiň asyl nusgasynda terbiýelemekde bitiren uly işlerini nazara alyp, karar edýärin:

Daşoguz welaýatynyň Ýylanly etrabynyň Sapyş Çerkezow adyndaky daýhan birleşiginiň Başlygy Sapyş Çerkezowa iň ýokary tapawutlandyryş derejesini - Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» medalyny gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 19-njy oktýabry

№ PP-3473