Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

S.Weliýewe Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

S.Weliýewe Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

S.Weliýewe Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 10, 476-nji madda)

Türkmen halkynyň altyn asyrynda garaşsyz bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň edermen halkynyn öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, Ata Watanymyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmekde görkezen gahrymançylygyny we gazanan ajaýyp üstünliklerini hem-de ýaş neslimizi halal, merdana zähmetiň asyl nusgasynda terbiýelemekde bitiren uly işlerini nazara alyp, karar edýärin:

Döwlet ministri - «Türkmennebit» döwlet konserniniň Başlygy Saparmämmet Weliýewe iň ýokary tapawutlandyryş derejesini -Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» medalyny gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 19-njy oktýabry

№ PP-3472