Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 10, 475-nji madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, ata Watanymyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde bitiren uly işlerini, çeken halal zähmetlerini we gazanan üstünliklerini, türkmen-türk doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde goşan goşandyny göz öňünde tutup hem-de Türkmenistanyň Beýik Garaşsyzlygynyň şanyna aşakdaky türk işewür adamlaryny Türkmenistanyň Döwlet sylaglary bilen sylaglamaly.

«Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen:

Türkmenistanyň tebigy gazyny, nebitini we elektrik energiýasyny Türkiýe Respublikasynda satmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarly wekili, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministriniň orunbasary, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň başlygy Ahmet Çalygy;

«Garaşsyzlyk» ordeni bilen:

«Engin Grup» konsorsumynyň Başlygy Engin Kaleni,

«Norsel International» firmasynyň prawleniýesiniň Başlygy Ybraýym Külügi,

«Polimeks Inşaat» firmasynyň prawleniýesiniň Başlygy Erol Tabanjany,

«Kotam Interpraýziz» firmasynyň Başlygy Muammer Agymy.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 19-njy oktýabry

№ PP-3471