Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

2001-nji ýyl üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

2001-nji ýyl üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

2001-nji ýyl üçin Magtymguly adyndaky Halkara

baýragyny bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 10, 474-nji madda)

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň çözgüdine laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge goşan ajaýyp goşandy, türkmen milletiniň çuň taryhy köklerini görkezýän aýdyň arheologik açyşlary, gadymy türkmenleriň ösen ýazuwynyň bolandygyny, türkmen topragynyň bolsa Mesopotamiýa, Müsür, Hytaý we Hindistan bilen bilelikde dünýä medeniýetiniň bäşinji merkezi bolandygyny jedelsiz subut edýän täze maglumat subutnamalary bilen häzirkizaman ylymyny baýlaşdyrandygy üçin, taryhy ylymlarynyň doktory, professor, Wiktor Iwanowiç Sarianidä Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 19-njy oktýabry

№ PP-3470