Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 10, 473-nji madda)

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň halkynyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetlerini, ykdysadyýetde we ilata hyzmat ediş pudagynda gazanan ajaýyp üstünliklerini göz öňünde tutup we Türkmenistanyň Beýik Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygynyň şanyna:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň iş Dolandyryş Müdirliginiň Maliýe bölümçesiniň müdiri, baş buhgalteri Industriýa Mihaýlowna Lastoçkina «Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy» diýen hormatly ady;

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Hojalyk müdirliginiň № 3 naharhanasynyň müdiri Kameliýa Mihaýlowna Mosesowa «Türkmenistanyň ilata hyzmat ediş sferasynyň at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 19-njy oktýabry

№ PP-3469