Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

B.Seýdullaýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

B.Seýdullaýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

B.Seýdullaýewe «Türkmenistanyň halk artisti»

diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 5, 295-nji madda)

Ata Watanymyz eziz Türkmenistan diýarymyzyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmäge goşan şahsy goşandy hem-de gahryman türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän halk döredijilik sungatyny ösdürmekde, il-günümiziň milli baýramçylyklaryny ýokary derejede geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň režissýory Baýram Seýdullaýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 23-nji maýy

№ PP-3401