Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

G.G.Kärizowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

G.G.Kärizowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

G.G.Kärizowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001ý., № 1, 12-nji madda)

Bitarap Türkmenistanyň we onuň halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge, ahalteke atlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmaga goşan uly şahsy goşandy, Ata Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna yhlasly we halal zähmet çekýändigi üçin, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Geldi Gurbangeldiýewiç Kärizowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 16-njy ýanwary

№ PP-3300