S.Walyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
S.Walyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bitaraplyk»
ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001ý., № 1, 11-nji madda)
Bitarap Türkmenistanyň we onuň halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri, nebitiň we nebit önümleriniň çykarylýan möçberlerini artdyrmaga goşan şahsy goşandy üçin, Döwlet ministri - «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Saparmämmet Walyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 16-njy ýanwary
№ PP-3299