H.Babaýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
H.Babaýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 1, 10-njy madda)
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge we türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini we nebitgaz serişdelerini çykarmak boýunça işleri geçirmäge gönüden-göni gatnaşandygy üçin, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministriniň orunbasary Hoşgeldi Babaýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 16-njy ýanwary
№ PP-3298