G.Täçnazarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
G.Täçnazarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001ý., № 1, 5-nji madda)
Bitarap Türkmenistanyň we onuň halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri, gazyň çykarylýan möçberini artdyrmaga goşan şahsy goşandy üçin, Döwlet ministri - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Güýçnazar Täçnazarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 16-njy ýanwary
№ PP-3293