Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

M. Hudaýgulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

M. Hudaýgulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

M. Hudaýgulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001ý., № 1, 4-nji madda)

Bitarap Türkmenistanyň we onuň halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, sement zawodyny Büzmeýin şäherinden Kelete şäherçesine geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirendigi hem-de gurluşygy we senagaty ösdürmekde gazanan üstünlikleri üçin, Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministri Muhammetnazar Hudaýgulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 16-njy ýanwary

№ PP-3292