M.N.Nazarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
M.N.Nazarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001ý., № 1, 3-nji madda)
Bitarap Türkmenistanyň we onuň halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, ýurdumyzyň döwlet howpsuzlygyny üpjün etmek, kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak işinde gazanan uly üstünlikleri we köp ýyllaryň dowamynda Ata Watanyň rowaçlanmagynyň hatyrasyna akýürekli we päk göwünli halal zähmeti hem-de gullugy üçin, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Muhammet Nazarowiç Nazarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 10-nji ýanwary
№ PP-3291