Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

T.Tyrmyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

T.Tyrmyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

T.Tyrmyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001ý., № 1, 1-nji madda)

Bitarap Türkmenistanyň we onuň halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, Ata Watanyň Döwlet serhedini goramakda, harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmakda, Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň işgärlerini terbiýelemekde, ýaş esgerleri Watana bolan söýgi we wepadarlyk ruhunda terbiýelemek işinde gazanan uly üstünlikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Tirkiş Tyrmyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 2-nji ýanwary

№ PP-3289