Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ýoldaş A.Jumayewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Ýoldaş A.Jumayewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ýoldaş A.Jumayewe «Türkmenistanyň at

gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 2, 116-njy madda)

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň aýdym-saz sungatyny we milli medeniýetini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, Ahal welayatynyň Aşgabat etrabynyň «Akdaşaýak» daýhan birleşiginiň «Ak telpek» çagalar tans toparynyň ýolbaşçysy ýoldaş Aşyrberdi Jumaýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 18-nji fewraly

№ PP-3062