F. Aliýewany Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
F. Aliýewany Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 11-12, 4282-nji madda)
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny, Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmekde, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde gazanan uly üstünliklerini hem-de Garaşsyz dowletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Fahriýa Aliýewany Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň noýabr aýynyň 17-si.
№ PP-7097