Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 10, 4274-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny uly dabaralara besläp, buýsandyryjy netijeleri gazanmak bilen garşylaýar. Çärýek asyryň dowamynda eziz Diýarymyzda asyrlara ýaň saljak beýik işler bitirildi. Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, öz halkynyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny gazanan ýurtlaryň hatarynda ynamly öňe barýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetildi. Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti ösdürmekde, raýat jemgyýetini kämilleşdirmekde, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, Ýer ýüzüniň ýurtlarydyr halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde we berkitmekde buýsandyryjy netijeler gazanyldy.

Garaşsyz Türkmenistany ýokary depginler bilen ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekde yhlasly zähmet çekip, hormatly dynç alşa çykan raýatlarymyzyň hem uly goşandy bardyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, kanunçylygy kämilleşdirmekde, ykdysadyýetiň senagat, nebitgaz, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem- de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ylmyň we tehnikanyň, medeniýetiň we sungatyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Abat Sähedowna Ryzaýewany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hoşgeldi Aşyrowiç Owezowy,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Agageldi Mämmetgeldiýewi,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ýazmyrat Gurbanmyradowy,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Minewer Röwşenowna Belliýewany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amangözel Gurbanowany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ogulnabat Gurbanowna Muhammedowany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Tekebaý Altyýewi,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Kurbanmurat Rozyýewi,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jumageldi Amansähedowy,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Mämmet Atamyradowy,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Nyýazgeldi Mollaýewi,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gulmet Amanowiç Amanowy,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Polina Fýodorowna Powelisynany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Agajan Geldiýewiç Babaýewi,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Muhammet Aýdogdyýewiç Aýdogdyýewi,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Tuwakbibi Amangeldiýewany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Maýa Atabalowna Atajanowany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Aksoltan Hiwaliýewna Babaýewany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Roza Atamyradowna Bazarowany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Tatýana Mihaýlowna Lihaçýowany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gül Amanmyradowna Nazarowany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Roza Gaýypowna Nepesowany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Maýa Gaýybowna Nepesowany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ejegyz Rozyýewany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gözel Myradowna Nuraliýewany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Roza Saparowna Turaýewany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Kakabaý Ylýasowy,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Sapar Öräýewi,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Aýdogdy Gurbanowy,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gulnazar Şabaýewi,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Annadurdy Halykberdiýewi,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Parahat geňeşliginiň Akgoňur obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Aman Çaryýewi,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Ýagtyýol şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Atajan Şamuhammedowiç Kakabaýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 21-nji oktýabry.

№ PP-7087