Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

A. S. Dadaýewi Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

A. S. Dadaýewi Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

A. S. Dadaýewi Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni

bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016 ý. № 8-9, 4245-nji madda)

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň we jemgyýetimiziň öňünde bitiren görnükli hyzmatlaryny, berkarar döwletimizde söwda pudagyny we telekeçiligi ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, tutanýerli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Sahatowiç Dadaýewi Türkmenistanyň Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabry.

№ PP-7072