Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy»

diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 5-6, 4098-nji madda)

Gadymyýetden gözbaş alýan müň bir öwüşginli türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Türkmen zenanlarynyň çeper elleri bilen döredilen halylarymyz halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir. Bu örän çylşyrymly we zähmeti köp talap edýän inçe senediň syrlary müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize gelip ýetdi. Merdana halkymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini arşa göterip, milli buýsanjymyza öwrülen halyçylyk sungatyny ösdürmek, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgasyny dikeltmek, döwrebap haly eserlerini döretmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň halyçy gelin-gyzlarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aýjemal Nobatowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Bagtygül Gurbansähedowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Baharly çeper halyçylyk kärhanasynyň Gökdepe önümhanasynyň halyçysy Ogulsapdy Babaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Baharly çeper halyçylyk kärhanasynyň Gökdepe önümhanasynyň halyçysy Täzegül Öwezmuhammedowna Nurmämmedowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Arazgül Taganmämmedowna Berkeliýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Köneürgenç haly önümhanasynyň halyçysy Nargül Ýeldaşowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Köneürgenç haly önümhanasynyň halyçysy Sapargül Ýaňabaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ýazgül Meredowna Durdyweliýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Güneşlik bölüminiň halyçysy Annagül Welnazarowna Annamyradowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Ýolöten haly önümhanasynyň halyçysy Oguldursun Ýusupowna Allaberdiýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly haly önümhanasynyň halyçysy Aýnabat Ballanowna Akmyradowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 24-nji maýy.

№ PP-6995