Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Oraza baýramyny bellemek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Oraza baýramyny bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Oraza baýramyny bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 5, 1908-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2021-nji ýylyň 13-nji maýynda bellemeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň 07-nji maýy

№ PP-835