Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni we «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni we «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň
ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2020 ý., № 12, 1692-nji madda)
Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny uly üstünliklere besläp, halkara derejesinde dabaraly belleýär. Bitaraplyk syýasaty - agzybirlik, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatydyr. Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk syýasaty Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Geçen ýigrimi bäş ýyl Berkarar döwletimiziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň halkara bileleşigi üçin örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň subut etdi. Garaşsyz Watanymyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Dürli ugurlarda bilelikdäki halkara taslamalary üstünlikli amala aşyrýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, ylym-bilimiň ösmegine, milli medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly itergi berýär. Oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Berkarar döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan beýik üstünliklerine, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge daşary ýurt raýatlary hem uly goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny berkitmekde hem-de halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Şu daşary ýurt raýatlaryny aşakdaky sylaglar bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen:
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Iwanowna Drozdy;
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna»
atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen:
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Wiktorowiç Blohini,
Russiýa Federasiýasynyň «ROSKOSMOS» kosmos işi boýunça Döwlet korporasiýasynyň «Ý. A. Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag merkezi» federal döwlet býujet edarasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy - kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Dmitriýewiç Kononenkony,
Apostol Nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça Türkmenistandaky attaşesi Anjeý Madeýi,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Manuel de Oliweýra Guterreşi,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Baş sekretarynyň ösüş meseleleri boýunça ýörite maslahatçysy Ýens Kristian Wandeli,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowany,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Liwan boýunça ýörite utgaşdyryjysy Ýan Kubişi,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Mirçewna Germany,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençany,
Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputaty Sindzo Abeni,
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň pandemiýa garşy taýýarlyga baha beriş we öňüni alyş boýunça garaşsyz komissiýasynyň dolandyryjysy Helen Klarky,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy - Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewi,
Global ýaşyl ösüş institutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Muny,
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Wena şäherindäki beýleki halkara guramalarynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň geňeşçisi Tomas Kristof Gremingeri,
Ösümlikleriň täze görnüşlerini goramak boýunça halkara bileleşiginiň Baş sekretary Frensis Garrini,
Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama guramasynyň taýýarlaýyş toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbony,
2021 Azyk ulgamlary boýunça Sammitiniň maslahat beriji komitetiniň we ylmy toparynyň agzasy Şamşad Ahtary,
Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Howpsuzlyk syýasaty departamentiniň Ýewropa Bileleşiginiň umumy howpsuzlyk we gorag syýasaty bölüminiň başlygy Lýubomir Freborty,
Halkara bilermen Lamberto Zanniýeri,
Halkara bilermen Wladimir Iwanowiç Gorýaýewi,
Halkara bilermen Pýer Žan Lui Aşil Moreli,
Halkara bilermen Kristian Friis Bahy.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2020 ý. dekabr aýynyň 2-si.
№ PP-747