Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2021 ý., № 2, 1791-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 27.12.2021 ý. çykaran № PP-919 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmeli.

Ikinji-dördünji bölekleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 27.12.2021 ý. çykaran № PP-919 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

5. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň 25-nji fewraly

№ PP-810