2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2020 ý., № 12, 1702-nji madda)
Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 30-njy dekabry.
№ PP-762