«Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa ulagynyň ekipažlarynyň agzalarynyň, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet strahowaniýesi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda çykaran 1646-njy Permanynyň käbir böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa ulagynyň ekipažlarynyň agzalarynyň, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet strahowaniýesi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda çykaran
1646-njy Permanynyň käbir böleklerini güýjüni ýitiren
diýip ykrar etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2020 ý., № 9, 1608-nji madda)
«Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 31-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
«Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa ulagynyň ekipažlarynyň agzalarynyň, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet strahowaniýesi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda çykaran 1646-njy Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1995-nji ýyldaky 9-njy ýygyndysynyň 2789-njy maddasy) ikinji, üçünji, dördünji we bäşinji böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 11-nji sentýabry.
№ PP-721