Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 10, 1074-nji madda)

Köp ýyllaryň dowamynda çeken balal, tutanýerli zähmeti bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň pajarlap ösmegine goşan mynasyp goşandyny nazara alyp, röwşen geljegimiziň şamçyragy Mukaddes Ruhnamanyň taglymatlaryndan ylhamlanyp, şahsy göreldesi, öwüt-ündewleri bilen ýaş neslimizi ata Watanymyza, mähriban, agzybir halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, karar edýärin:

Türkmenistanyň Uruş weteranlarynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň başlygy Sapar Begliýewe;

"Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa-gözleg ekspedisiýasynyň toplumlaýyn geologiýa toparynyň Aerokosmosgeologiýa topbagynyň başlygy Muhammetdurdy Rejebowa;

Türkmenistanyň Uruş weteranlarynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky guramasynyň Ahal welaýatynyň Baharly etrap geňeşiniň başlygy Annageldi Hanmämmedowa;

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň hormatly dynç alyşdaky ýaşaýjysy Nurly Hanowa;

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň hormatly dynç alyşdaky ýaşaýjysy Durdynyýaz Berdiýewe;

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehniki bölüminiň başlygynyň orunbasary Dawit Mahtumowa;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Akdepe daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amanbaý Durdyýewe;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň hormatly dynç alyşdaky ýaşaýjysy Sapar Taşaýewe;

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň hormatly dynç alyşdaky ýaşaýjysy BazarAdylowa;

Türkmenistanyň Uruş weteranlarynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky guramasynyň Lebap welaýatynyň Serdarabat etrap geňeşiniň başlygy Şaýym Kadyrowa;

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň hormatly dynç alyşdaky ýaşaýjysy Sapargeldi Aşyrowa;

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň baş bagbany Meret Muhadowa «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2006-njy ýylyň 25-nji oktýabry

№ PP-4554