G. J. Öwezowa "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
G. J. Öwezowa "Türkmenistanyň at gazanan artisti"
diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 10, 1071-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, şeýle hem Mukaddes Ruhnamanyň many-mazmunyny dünýä ýaýmakda bitiren işleri, teleýaýlymlarda berilýän gepleşikleri ussatlyk bilen alyp barýandygy üçin, "Altyn asyr: Türkmenistan" teleýaýlymynyň "Watan" habarlar gepleşiginiň redaktory Gülnabat Jumamyradowna Öwezowa "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2006-njy ýylyň 11-nji oktýabry
№ PP-4546