R. Arnagylyjowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
R. Arnagylyjowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly
ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 5, 864-nji madda)
Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ruhubelent aýdymlary ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygy üçin, Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti, aýdymçy Rehmet Arnagylyjowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2006-njy ýylyň 22-nji maýy
№ PP-4502