Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

G. Melekeýewi Türkmenistanyň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

G. Melekeýewi Türkmenistanyň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

G. Melekeýewi Türkmenistanyň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 11, 775-nji madda)

Berkarar Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetini, söwda ulgamyny ösdürmäge, ýaş hünärmenleriň tejribesini artdyrmaga, söwda ulgamynyň guralyşyny kämilleşdirmäge we ilata edilýän hyzmatlaryň hilini we medeniýetini has ýokarlandyrmaga goşan şahsy goşandy üçin, şeýle hem döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, söwda we alyjylar birleşmeleri pudagynda uzak ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli, halal zähmetini nazara alyp, Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministri Gurbangeldi Melekeýewi Türkmenistanyň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 12-nji noýabry

№ PP-4905