Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowa Türkmenistanyň

«Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 10, 732-nji madda)

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde bitiren hyzmatlary üçin, şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmaga goşan aýratyn goşandyny nazara alyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 13-nji oktýabry

№ PP-4888