Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

O. Döwletnazarowa «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

O. Döwletnazarowa «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

O. Döwletnazarowa «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 10, 713-nji madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyň hyzmatlary, agzybyr halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýan ruhubelent aýdymlary, şeýle hem türkmen halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýändigi üçin hem-de milli medeniýeti we sungaty söýýän ýaşlary terbiýelemekde bitiren işlerini göz öňünde tutup, Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, bagşy Oraznepes Döwletnazarowa «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 10-njy oktýabry

№ PP-4868