W. M. Lukýanenkony Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
W. M. Lukýanenkony Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 4, 274-nji madda)
Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny we iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde we pugtalandyrmakda bitiren uly hyzmatlary, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň möhüm desgalarynyň gowy hilli gurulmagyna goşan şahsy goşandy üçin, «Sumynyň M.W. Frunze adyndaky maşyngurluşyk ylmy-önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Matweýewiç Lukýanenkony Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylagmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 6-njy apreli
№ PP-4725