Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Harby atlary dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Harby atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Harby atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 8, 463-nji madda)

Watan öňünde bitiren hyzmatlary, Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramagy pugtalandyrmaga, berkitmäge, türkmen halkynyň asudalygyny goramaga goşan şahsy goşandy üçin hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynyň 9-njy bölümine laýyklykda, karar edýärin:

maýor Durdymyrat Hojamowiç Hydyrowa,

maýor Törekul Durdalyýewe,

maýor Ýazgeldi Seýitmyradowiç Amanmuhammedowa nobatdaky podpolkownik harby adyny dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2008 ý. awgust aýynyň 06-sy.

№ PP-5143