Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärlerini Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärlerini Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärlerini Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2008 ý., № 5, 360-njy madda)

Gulluk borçlaryny ak ýürek bilen berjaý edip, jemgyýetçilik howpsuzlygyny, hukuk tertibini we kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşandy üçin we jenaýatçylyga garşy göreşmekde gazanan üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň gününiň bellenmegi mynasybetli, karar edýärin:

Aşgabat şäheriniň Prezident Nyýazow adyndaky etrabynyň Polisiýa bölüminiň jenaýat agtaryş bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Arslan Nyýazowiç Halnazarowy,

Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlygy bölüminiň ýangyn söndüriji söweşjen bölümçesiniň uly ýangyn söndürijisi, içerki gullugynyň uly seržanty Azim Atamyradowiç Täçmedowy,

Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Jenaýat agtaryş bölüminiň başlygy, polisiýanyň podpolkownigi Ýazmuhammet Tahyrowiç Sarykowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 25-nji maýy

№ PP-5099