Gurban baýramyny bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Gurban baýramyny bellemek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 11, 12, 537-nji madda)
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny berjaý etmegine giň ýol açmak, milli baýramçylyklarymyzy has-da dabaralandyrmak baradaky asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Täze galkynyş zamanamyzda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň merdana, ruhubelent halkynyň agzybirligini, jebisligini, ruhy we wyždan azatlygyny, ahlak- ynsap päkizeligini has-da berkitmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2009-njy ýylyň 28-29-30-njy noýabrynda Gurban baýramyny bellemeli we şol günleri iş günleri däl diýip yglan etmeli.
2. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda 2009-njy ýylyň 29-njy noýabryndaky dynç gününi 1-nji dekabra geçirmeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalar, edaralar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2009 ý.noýabr aýynyň 06-sy
№ PP-5461