Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

M. Aýdogdyýewe «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

M. Aýdogdyýewe «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

M. Aýdogdyýewe «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 6, 300-nji madda)

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ylmy we tehnikany ösdürmekde, onuň gazanan üstünliklerini wagyz etmekde, halk hojalygy üçin ylmy işgärleri we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda uly hyzmatlary bitirendigi üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Taryh insitutynyň direktory Muhammet Aýdogdyýewe «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabatş.

2009 ý. iýun aýynyň 12-si.

№ PP-5363