Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

G. G. Kasymowy Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

G. G. Kasymowy Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

G. G. Kasymowy Türkmenistanyň

III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 2, 129-njy madda)

Türkmenistanyň özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, halkara möçberindäki abraýyny ýokarlandyrmaga goşan saldamly goşandy, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de tutanýerli zähmeti üçin, şeýle hem Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gurbanmuhammet Gajarowiç Kasymowy Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2009 ý. fewral aýynyň 17-si.

№ PP-5309