Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Harby atlary dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Harby atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Harby atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 10, 1051-nji madda)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmaga, döwletimiziň howpsuzlygyny berkitmäge, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, türkmen jemgyýetinde asuda durmuşy üpjün etmäge, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşantlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyn Garaşsyzlyk gününiň 19 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli hem-de Türkmenistanyn Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň 11-nji bölümine laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy, polkownik Aman Allanurowiç Garaýewe;

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy, polkownik Güýçgeldi Hojaberdiýewiç Hojaberdiýewe;

Türkmenistanyň Goranmak ministriniň birinji orunbasary - Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň başlygy, polkownik Begenç Ataýewiç Gündogdyýewe general-maýor;

Türkmenistanyn Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, maýor Meretgeldi Orazgeldiýewiç Berdiýewe podpolkownik harby adyny dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2010 ý. oktýabr aýynyň 27-i

№ PP-5665