Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 19 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 19 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 19 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 10, 1049-njy madda)

Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda mähriban halkymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekip, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 19 ýyllyk şanly baýramyny uly ýeňişlere besläp, ajaýyp üstünlikler bilen garşylaýar. Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda çekilýän agzybirlikli we tutanýerli zähmet, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady, medeni özgertmeler berkarar döwletimizi ösüşleriň hil taýdan täze, belent sepgitlerine göterýär. Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, medeniýetde, sungatda, ylym we bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, ýurdumyzyň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmekde, döwletimiziň howpsuzlygyny üpjün etmek-de, kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakda, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, dünýäniň ähli ýurtlary hem-de halklary bilen dost-doganlyk we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde we giňeltmekde ägirt uly üstünlikler gazanyldy.

Eziz Diýarymyzy ösdürmek boýunça öňümizde durýan belent wezipeleri durmuşa geçirip, şeýle ajaýyp ýeňişleri gazanmakda, belent sepgitlere ýetmekde özüniň halal, döredijilikli we tutanýerli zähmeti bilen Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli masatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşantlaryny goşýan, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan raýatlarymyzyň her biriniň mynasyp paýy bar.

Mähriban Watanymyzyň garaşsyzlygyny hem-de özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ykdysady kuwwatyny berkitmekde, senagaty, oba hojalygyny, gurluşyk we ulag pudaklaryny, şeýle hem halk hojalygynyň beýleki pudaklaryny ösdürmekde, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda, öňdebaryjy usullary önümçilige ornaşdyrmakda uly üstünlikleri gazanandyklary, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ylmyň we tehnikanyň, saglygy goraýşyň, medeniýetiň, bedenterbiýäniň we sportuň, durmuş hyzmatlarynyň çalt depginler bilen ösmegine, türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak sütünleriniň pugtalanmagyna, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermäge, hünärli işgärleri taýýarlamaga saldamly goşant goşandyklary üçin hem-de döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, uzak yyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we yhlasly zähmetini, gazanan ýokary derejelerini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň 19 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen:

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň dosenti Kara Baýmyradowy;

Türkmenistanyň «Gurbansoltan eje» ordeni bilen:

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň döwlet edaralary işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Enemjan Orazowany;

Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Awtoulaglary we traktorlary bejeriş bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Mekanowy,

Türkmenistanyň Maldarçylyk paýdarlar jemgyýetleriniň «Türkmenmallary» assosiasiýasynyň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutynyň baş ylmy işgäri, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Öwezmuhammet Annamuhammedowy,

Anal welaýatynyň Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Orazgeldi Çaryýewiç Agalyýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň buraw başlygy Aşyr Garaýewi,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky Saparmyrat Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň kükürt kislotasy önümçiliginiň mehanigi Hudaýberdi Soltanmuratowy,

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Balkan welaýatynyň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň Serdar etrap Ykdysadyýet we ösüş bölüminiň başlygy Çarymyrat Şyhmyradowy,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Düýpli gurluşygy maliýeleşdirmek we inžener-tehniki gözegçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary - Düýpli gurluşyk we inžener-tehniki gözegçilik bölüminiň müdiri Körpeje Atamyradowiç Gylyjowy,

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Maliýe hasaplaşygy müdirliginiň Kassa amallary bölüminiň kassa müdiriniň orunbasary Nurjamal Berdiýewna Şihliýewany,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Abadandaky ýol gurluşyk önümleri kombinatynyň Asfalt-beton zawodynyň daşaýjy konweýerçisi Nurmuhammet Ýowşanowy,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen edebiýaty kafedrasynyň professory Jora Allakowy,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasynyň professory Kadyr Myradowy,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Dünýä tejribesini öwreniş kafedrasynyň professory Gully Babaýewiç Akyniýazowy,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ruhabat etrap komitetiniň sekretary Hatyra Orazbaýewna Halnazarowany,

Türkmenistanyň Demoktatik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň sekretary Sapargül Muhammedowna Gulyýewany;

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Mejlisiniň Iş dolandyryş bölüminiň buhgalteriýasynyň baş buhgalteri Tatýana Fýodorowna Poltawesi,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Umumy bölüminiň baş hünärmeni Gülnara Girdyýewna Artykowany,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysadyýet we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni Meret Nurjanowiç Amanowy,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň Ahal welaýat bölüminiň Gökdepe etraby boýunça baş hünärmeni Durdymyrat Ylýasowiç Rejepowy,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri -gullugynyň «Türkmenýertaslama» institutynyň Aşgabat ýer gurluşyk gözleg ekspedisiýasynyň baş inženeri Annamuhammet Muhammedowiç Myradowy,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Suw ulgamlaryny we desgalaryny gurmak boýunça merkezi direksiýasynyň tehniki bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Meretdurdy Durdyýewiç Seýitmuhammedowy,

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň «Ahalsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň 2-nji «Göçmesuwgurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň buldozerçisi Berdimuhammet Ýazmuhammedowy,

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň «Garagumderýasuwhojalyk» birleşiginiň 7-nji «Garagumsuwhojalyk» dolanyşygynyň ussasy Annaguly Annaorazowy,

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministliginiň «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Daşoguzýersuwgurluşyk» önümçilik kärhanasynyň ekskawatorçysy Tirkeş Öwezowy,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň başlygynyň orunbasary Myratmuhammet Derýagulyýewi,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Paltamed Esenowy,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Ahal welaýat Tebigaty goramak dolandyryş edarasynyň Ekologiýa gözegçiligi bölüminiň baş döwlet gözegçisi Bezirgen Amanowiç Ýagşybaýewi,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Ahal welaýat Tebigaty goramak dolandyryş edarasynyň başlygy Baba Ataýewiç Annaýewi,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň başlygynyň orunbasary Baýramberdi Tirkeşowy,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Bathyz döwlet goraghanasynyň Gorag bölüminiň gözegçisi Nurýagdy Rozyýewiç Akylowy,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Tokaý hojalygy müdirliginiň Gökdepe tokaý hojalygynyň Germab tokaýçylyk bölüminiň traktorçysy Altymyrat Hojadurdyýewi,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň «Kaspekogözegçilik» gullugynyň Barlaghanalar bölüminiň müdiri Akbike Garaýewany,

Oba hojalygyna önümçilik-enjamlaýyn hyzmat etmek baradaky paýdarlar jemgyýetleriniň «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasynyň Ykdysady meýilleşdiriş bölüminiň başlygy Ogulgözel Kuliýewany,

«Daşoguzobahyzmat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Görogly etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň ussasy Juma Taganowiç Otuzowy,

«Daşoguzobahyzmat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatory Garabeg Abdyllaýewiç Garabegowy,

«Lebapobahyzmat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Farap etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň ýylmaýjysy Kadyr Hojakulyýewiç Çaryýewi,

«Lebapobahyzmat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Serdarabat etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň elektrik we gaz bilen kebşirleýjisi Ýuldaş Açylowiç Jumaýewi,

«Maryobahyzmat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baýramaly etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň ussasy Annamyrat Joraýewiç Kerimowy,

«Maryobahyzmat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Ýolöten etrap «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatory Döwran Agasaparowiç Hudaýberdiýewi,

Ahal welaýat «Türkmenmallary» paýdarlar jemgyýetiniň Baharly etrabynyň «Kirpili» maldarçylyk daýhan birleşiginiň düýedarçylyk fermasynyň baş çopany Ýagşymyrat Akmyradowiç Çopanowy,

Lebap welaýat «Türkmenmallary» paýdarlar jemgyýetiniň Köýtendag etrabynyň «Dagly» maldarçylyk daýhan birleşiginiň kärendeçi baş çopany Narmämet Halmuhammetowy,

Galla önümleri baradaky «Türkmengallaönümleri» assosiasiýasynyň Aşgabat galla önümleri kärhanasynyň işçisi Allamuhammet Allamyradowy,

Galla önümleri baradaky «Türkmengallaönümleri» assosiasiýasynyň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Serdar galla kabul ediş kärhanasynyň ýükçüsi Garaguly Agöýliýewi,

Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň ykdysadyýet we çaklaýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Maýagözel Jumadurdyýewna Atamanowany,

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň garamagyndaky Tejen pagta arassalaýjy kärhanasynyň baş inženeri Allanazar Sapardurdyýewiç Rejepowy,

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň garamagyndaky Balkan welaýat Serdar pagta arassalaýjy kärhanasynyň ussasy Jumaberdi Nurberdiýewiç Orazowy,

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň garamagyndaky Mary pagta arassalaýjy kärhanasynyň ussasy Meretgeldi Weliýewiç Atdaýewi,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Hojalyk hasaplaşygyndaky bejeriş-gurluşyk bölümçesiniň agaç ussasy Esen Muhammetseýidowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi - topar ýolbaşçysy Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi - tälimçisi Allaýar Täçmyradowiç Useýnowy,

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Ýolöten nebit kärhanasynyň maşinisti Täçmyrat Mätiýewiç Meredowy,

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap nebit kärhanasynyň awtoulag sürüjisi Çary Muhanowiç Tulepowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebilgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Barsagelmez guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň uly ussasy Tagandurdy Amekowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjysy Nurmämmet Ýolamanowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Ekerem buraw işleri müdirliginiň şka gurnaýjy önümhanasynyň başlygy Abdykadyr Nyýazowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň sebit inžener tehnologiki gullugynyň başlygy Hajymämmet Abdyrahmanowiç Nuryýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň merkezi inžener tehnologiki gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ýegenmämmet Gurbanmämmedowiç Saparowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň guýulary ýerasty abatlaýjy operatory Nury Durdygylyjowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitgaz çykaryjy operatory Anna Hojymämmedowiç Aýjanowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň 3-nji nebitgaz çykaryş önümhanasynyň esasy inženeri Aşyr Nazarowiç Taýmanowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň elektrik montýory Baýramgeldi Hydyrowiç Garataýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitgaz çykaryjy operatory Etrek Gurbantuwakowiç Gurbantuwakowy,

Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitgaz çykaryjy operatory Mämmetnyýaz Amanýazowlç Gurbanýazowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebit taýýarlamak we kadalaşdyrmak boýunça ussasy Hojaberdi Suhanberdiýewiç Halymowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň esasy inženeri Maşat Baýrammämmedowiç Kilijowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň guýulary ýerasty abatlaýjy ussasy Kerim Ahmedowiç Rahyýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirliginiň Akpatlawuk nebitgaz çykaryş önümhanasynyň başlygy Gurbandurdy Arazdurdyýewiç Serdarowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirliginiň burawlaýjysy Amangeldi Garajaýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň gaz taýýarlaýjy operatory Rahman Welmämmedowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Ýaşyldepe» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitgaz çykaryş önümhanasynyň başlygy Atamurat Satdyýewiç Jumakowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň sementleýji enjamynyň motoristi Rejepmämmet Gurbanmämmedowiç Tuwakowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň kran maşinisti Annamyrat Esenowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň Goturdepe gaz gysyjy stansiýasynyň başlygy Gurbanýaz Toýtyýewiç Toýtyýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň awtoulag sürüjisi Rejep Gylyjowiç Meňliýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň Burawlaýyş bölüminiň müdiri Öwez Saburowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň Gözegçilik ölçeg gurallary we awtomatika gullugynyň gaz paýlaýjy desgasynyň operatory Ýazmuhammet Çarwaýewiç Ballyýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň Awtotraktor hojalygynyň sürüjisi Nursähet Orazsähedowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň Zünbatargazakdyryş» müdirliginiň Awtoulag gullugynyň ekskawator maşinisti Satlykgylyç Satlykgylyjowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň gaz we elektrik bilen kebşirleýjisi Kakajan Jumaýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň traktorçysy Ýagşymyrat Mommadowiç Babaýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň «Lebapgazgeofizika» ekspedisiýasynyň Türkmenabat senet geofizika işleri bazasynyň 43-nji meýdan toparynyň başlygy Jorakuly Hojamuradowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmenýöritene-bitgazgurnama» trestiniň 1-nji Ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň opreratory Sergeý Annageldiýewiç Durdyýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmenýöritene-bitigurnama» trestiniň 3-nji Ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Tirkişmyrat Ataýewiç Çaryýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Ruhabatgurluşyk» ýöriteleşdirilen gurluşyk kompaniýasynyň Mehanizmleşdirilen we gurluşyk işleri Meýdançasynyň buldozer maşinisti Gurbançary Kürräýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Balkannebitgazgurluşyk» trestiniň 6-njy gurluşyk-gurnama dolandyryş edarasynyň reňkleýjisi Toýmämmet Baýramowiç Orazberdiýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Lebapnebitgazgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 2-nji Gurluşyk dolandyrmasynyň elektrik we gaz bilen kebşirleýjisi Hekimguly Nesimgulyýewiç Saparowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Lebapnebitgazgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň Önümçilik tehniki üpjünçilik kärhanasynyň traktorçysy Awezmat Piriýewiç Paşybaýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 8-nji gurluşyk-gurnama edarasynyň elektrik gurnaýjysy Orazmyrat Gurbanowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň Önümçilik-tehnologiki taýdan enjamlaşdyryş dolandyryş edarasynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Şamyrat Kammyýewi,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň baş inženeri Durdymyrat Begenjowy,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Ylmy-barlag geologiýa-gözleg institutynyň Guýularyň we gatlaklaryň toplumlaýyn barlag bölüminiň müdiri Sahy Şadurdyýewi,

Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň başlygy Taganguly Ilamanowy,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Maddy-enjamlaýyn serişdeler we üpjünçilik müdirliginiň motoristi Täçmyrat Gutliýewiç Arapowy,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Gurluşyk materiallaryna geologiýa-gözleg toparynyň buraw desgasynyň maşinistiniň kömekçisi Akrayrat Sähetmyradowiç Garamyradowy,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Ahalnebitgazgözleg» müdirliginiň «Garajaowlak» meýdançasynyň buraw desgasynyň maşinisti Gurbanmuhammet Seýidowy,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Ahal gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň burawlaýjysy Nursähet Bopbykowy,

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň «Balkanbalyk» döwlet kärhanasynyň konserwa önümhanasynyň işçisi Gurbanbibi Ýegenmämmedowany,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Tejenkarbamid» zawodynyň baş mehanika gullugynyň başlygynyň orunbasary Baýmyrat Akmuhammedowiç Myradowy,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Hazar» himiýa zawodynyň önümçilik tehniki bölüminiň başlygy Ogulbibi Nuryýewna Aşyrowany,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň nobatçy elektrik montýory Hürmen Agöýliýewiç Hajyýewi,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň burawlaýjysy Döwletmämmet Seýitgulyýewi,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky Saparmyrat Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň mineral dökünleri önümçiliginiň ekstraksion fosfor kislotasy önümhanasynyň ussasy Jumaguly Kerimowy,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky Saparmyrat Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň kükürt kislotasy önümçiliginiň ussasy Turamurad Ýangibaýewiç Saidowy,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Maryazot» önümçilik birleşiginiň azot kislotasy önümhanasynyň başlygy Rejep Aşyrowiç Hojaýewi,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Dökünhimiýa» kärhanasynyň Ahal welaýat «Dökünhimiýa» müdirliginiň Änew etrabara «Dökünhimiýa» bazasynyň awtoulag sürüjisi Tagandurdy Mejidowy,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 21-nji önümhanasynyň - Gazturbina elektrostansiýasynyň tapgyr başlygy Amandurdy Kömekowiç Garajagulowy,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýokary oktanly benzini öndürýän 7-nji önümhanasynyň tehnologiýa desgalarynyň operatory Benderşaguly Baýramgulyýewiç Karakişiýewi,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň harbylaşdyrylan gorag gullugynyň gözükdirijisi Täçmämet Garadžaýewi,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 16-njy abatlaýyş mehaniki önümhanasynyň tehnologiýa desgalaryny abatlaýjy we hyzmat ediji ussasy Abjy Alyýewi,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 18-nji gurluşyk-gurnama önümhanasynyň tehnologiýa desgalaryny abatlaýjy we hyzmat ediji ussasy Baýrammämmet Muhammedowiç Garajaýewi,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň haryt-çig mal önümhanasynyň haryt operatory Orazbaý Şirinowiç Ereşowy,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy - ýükleýji nebit kärhanasynyň abatlaýyş-gumama bölüminiň daşarky rarba geçirijileri gurnaýjysy Baltabaý Çogiýewiç Bekbaýewi,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň pensiýa ätiýaçlandyrma bölümçesiniň başlygy Annanazar Abasopyýewiç Hajyýewi,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň pensiýalar bölümçesiniň baş hünärmeni Tatýana Ýurýewna Bugwinany,

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň maliýe-ykdysadyýet bölümçesiniň baş hünärmeni Orazbibi Annamyradowany,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ahal welaýatynyň Baharly etrap şahamçasynyň Karzlaşdyryş bölüminiň alyp baryjy ykdysatçysy Muhammetgeldi Muhammetberdiýewi,

Lebap welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň döwlet gözegçiligi bölüminiň başlygynyň orunbasary Hasan Bebitowiç Ýoldaşowy,

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Statistika, sanaw we toparlamalary seljeriş müdirliginiň başlygynyň orunbasary - Statistika we sanaw bölüminiň başlygy Nikolaý Çaryýewiç Erniýazowy,

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Ätiýaçlandyryşyň usulyýeti we ätiýaçlandyryş amallary bölüminiň başlygy Nurmuhammet Abdrahymowiç Sopyýewi,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň direktory Gurbangeldi Durdyýewi,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri Baýramdurdy Gurbanowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň doktoranty Amanmuhammet Nurmuhammedowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň esasy ylmy işgäri Annadursun Ataýewany,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdiri Serdar Jumaýewiç Atdaýewi,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň bölüm müdiri Aşyr Tekaýewi,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň bölüm müdiri Oguljahan Karaýewany,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Jomman Garagozowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Derman ösümlikleri institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary Nina Arlenowna Spiridonowany,

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Lukmançylyk, biologiýa we oba hojalyk ylymlary bölüminiň baş eksperti Jemilýa Babagulyýewany,

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Gumanitar we ykdysady ylymlar bölüminiň baş eksperti Amangül Baýmuhammedowna Karryýewany,

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Gumanitar we ykdysady ylymlar bölüminiň baş eksperti Jeren Berdiýewna Hanaýewany,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Kümüş Aý» döwlet kärhanasynyň aşpezi Ogulsuraý Bäşimowna Babaýewany,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrap Azyk söwda kärhanasynyň 75-nji dükanynyň satyjysy Amangözel Rejepdurdyýewna Taganowany,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik iýmiti» döwlet kärhanasynyň «Ahal» iýmit toplumynyň «Süýji nygmatlary» kafesiniň müdiri Hojaly Bekiýewiç Hojalyýewi,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Gökdepe etrap alyjylar jemgyýetiniň aşpezi Orazmyrat Aşirowiç Arrykowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Mary welaýat alyjylar jemgyýeti birleşiginiň Baýramaly etrap alyjylar jemgyýetiniň aşpezi Kakageldi Silapowiç Gurbanowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Balkan» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň 1-nji naharhanasynyň aşpezi Ogulsoltan Döwletowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Ahal» tikinçilik birleşiginiň tikinçisi Owadan Hojatowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Bahar» tikin önümçilik birleşiginiň tikinçisi Sona Atadurdyýewany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Magtymguly etrabyndaky Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap fabriginiň tikinçisi Asman Nurmämmedowna Seýidowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabriginiň egrijisi Bahargül Kakyşowna Kutlyýewany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabatdaky Ýüpek önümçilik birleşiginiň egirme-dokma bölüminiň dokmaçysy Režepgul Berdyýewany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabatdaky tikin fabriginiň tikin önümçiliginiň ussasy Oguldursyn Saryýewany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabatdaky tikin fabriginiň ussasy Zöhre Rahmanowna Kadyrowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Marydaky dokma fabriginiň egriji maşynynyň operatory Maral Baýmyradowna Mommadowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Baýramalydaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynyň dokma bölüminiň taýýarlaýyş bölümçesiniň tapgyr ussasy Hoşgeldi Sapargeldiýewiç Nazarowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Marydaky «Ýeňiş» tikin fabriginiň taýýar önümler boýunça hil gözegçisi Bilbil Yslamowna Öwezowany,

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Baharly çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Nurnabat Baýramowna Hojadurdyýewany,

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gültäç Nazarowany,

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz önümhanasynyň halyçysy Ogulgül Aşyrowna Şohyýewany,

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Güljan Rahmanowany,

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Marydaky boýag-çeper halyçylyk kärhanasynyň Murgap haly önümhanasynyň halyçysy Oguljeren Kakajanowna Agaýewany,

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Özara hasaplaşyklar bölüminiň başlygynyň orunbasary Hydyrmuhammet Annanurowy,

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Hukuk we işgärler müdirliginiň baş hünärmeni Gurbangül Glyjowany,

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Türkmenekspertiza» kärhanasynyň hünärmeni Nurmyrat Sähetmyradowy,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenener-gogurluşyk» konserniniň «Türkmenenergogurnama» ýöriteleşdirilen dolandyryş edarasynyň Aşgabat-Abadan şahamçasynyň gurnaýjy ussasy Gurbangeldi Söýünowiç Mätgeldiýewi,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Mary döwlet elektrik stansiýasynyň merkezi bejeriş önümhanasynyň kran maşinisti Beki Aşyrowiç Gurdowy,

Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň «Daşoguzgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň kerpiç örüjisi Baýrambaý Palowy,

Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň «Marygurluşyk» önümçilik birleşiginiň 7-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň betonçysy Atajan Kuliýewi,

Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň «Santehönümleri» zawodynyň gaz bilen kebşirleýiş önümhanasynyň başlygy Bäşim Durdyýewi,

Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň «Zarba» ýöriteleşdirilen kärhanasynyň awtoulag sürüjisi Döwletgeldi Baýramgeldiýewiç Muhaýewi,

Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň «Türkmendaşlary» önümçilik birleşiginiň Abadan şäher Kän müdirliginiň taýýar önümleri ýerleşdiriş bölüminiň işçisi Annamyrat Myratlyýewi,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň «Lebapýolgurluşyk» önümçilik birleşiginiň işçisi Raimkuly Öwliýakulyýewiç Rozyýewi,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň müdiri Romanguly Mustagowy,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Umumy fizika kafedrasynyň dosenti Amanmuhammet Gurbanmuhammedowy,

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hirurgiýa kafedrasynyň müdiri Mämmetberdi Çaryýewi,

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik ana-fexniýa kafedrasynyň müdiri Aýjemal Meňliýewna Orazalyýewany,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýüpekçilik we ösümlikleri goramak kafedrasynyň müdiri Oraz Söýünowy,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk meliorasiýalary kafedrasynyň dosenti Aşyr Durdykowy,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Nurgeldi Goçewiç Nazarowy,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Traktorlar tomobiller kafedrasynyň uly mugallymy Anna Kuliýewiç Kuliýewi,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ylym bölüminiň başlygy Muhammetdurdy Goşaýewi,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aspirantura bölüminiň müdiri Işanmuhammet Handöwletowy,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Marketing kafedrasynyň uly mugallymy Tuwakgylyç Berdigylyjowy,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institunyň iňlis dili kafedrasynyň müdiri Faýza Ahmedowna Agaýewany,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Ata Artykowy,

Türkmen politehniki institutynyň Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnolögiýasy kafedrasynyň müdiri Jumageldi Hemrakulowiç Rahmedowy,

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Sportuň ukmançylyk we biologiki taýdan üpjünçiligi kafedrasynyň dosenti Aliýa Ishakowna Öwezowany,

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, halkara derejeli sport ussady Jennet Seýitmyradowna Geldibaýewany,

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, halkara derejeli sport ussady Nursähet Nurmuhammedowiç Pazzyýewi,

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň uly mugallymy Hojageldi Atamyradowy,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Umumy fizika, matematika we informatika kafedrasynyň müdiri Gurbanýaz Hekimowy,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Elekroenergetiki ulgamlary kafedrasynyň dosenti Ata Nazarowy,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Umumy fizika, matematika we informatika kafedrasynyň uly mugallymy Kakajan Körpäýewi,

Halkara Türkmen-türk uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty bölüminiň mugallymy Saparmuhammet Amangeldiýewiç Gurbanmyradowy,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklan institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Aşyr Aşyrowy,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Nurmuhammet Keşikowy,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Režissura we teatry öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Begi Suhanowy,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Režissura we teatry öwreniş kafedrasynyň mugallymy Saparmamed Mollaniýazowy,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Maksat Buzlyýewiç Weligurbanowy,

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň Umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni Ata Akbabaýewi,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 3-nji çagalar bagynyň müdiri Oguljahan Nuryýewna Baýramowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň S.A.Nyýazow adyndaky Halkara medisina merkeziniň Anesteziologiýa we intensiw bejeriş bölüminiň müdiri Musa Azizowiç Izmaýlowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçyly'k we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýrmagyna garşy göreşmek bölüminiň baş hünärmeni Ata Şajanowy,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Saglyk öýüniň maşgala bölüminiň müdiri Aman Ataýewna Nazarowany,

Balkan welaýatynyň Serdar etrap hassahanasynyň hirurgiýa bölüminiň müdiri Orazmämmet Aşyrowy,

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 1-nji Saglyk öýüniň II maşgala bölüminiň müdiri Maýa Allamyradowna Annamyradowany,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrap hassahanasynyň Göz keselleri bölüminiň lukmany Dowrangeldi Ýazowiç Saryýewi,

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrap hassahanasynyň Gulançy oba Saglyk merkeziniň maşgala lukmany Rozygül Hudaýkulowna Astanowany,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň hirurg lukmany Hojamyrat Taýçaýewi,

Türkmenistanyň yokary sport ussatlygy mekdebiniň direktory Baýramberdi Baýryýewi,

Türkmenistanyň «Olimp» orta sport mekdebiniň dzýudo göreşi boýunça tälimçisi Täçmuhammet Myradowy,

Aşgabat şäheriniň Sport baradaky komitetiniň Sportuň milli görnüşleri boýunça sport mekdebiniň tälimçisi Hudaýberdi Allaberdiýewiç Sähedowy,

Ahal welaýatynyň Sport baradaky komitetiniň başlygy Batyr Annamyradowiç Orazowy,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň sport mekdebiniň türkmen milli göreşi boýunça tälimçisi Maksat Hojadurdyýewiç Nasyrowy,

Daşoguz welaýatynyň Sport baradaky komitetiniň başlygy Orazmyrat Galenderowiç Orazmedowy,

«Daşoguzsyýahat» döwlet syýahatçylyk kärhanasynyň başlygy Serdar Orazgeldiýewiç Ilýasowy,

«Marysyýahat» döwlet syýahatçylyk kärhanasynyň başlygy Babajan Japarowiç Hallyýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň kinofotofono resminamalarynyň Merkezi döwlet arhiwiniň direktory Jemile Gurbandurdyýewna Çaryýewany,

Aşgabat şäherinden pensioner Baýram Mommadowy,

Balkanabat şäherindäki Töreahun metjidiniň ymamy Amanmuhammet Täşliýewi,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Şorgala obasynyň ymamy Nuraly Gurbanowy,

Mary şäheriniň Gurbanguly Hajy metjidiniň baş ymamy Şamyrat Welmyradowy,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bölüm müdiri Walentina Hollukowna Garahanowany,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bölüm müdiri Hangeldi Hojamşükürowy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Maliýe-ykdysady bölüminiň müdiriniň-baş hasapçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nadežda Ýegorowna Tokarewany,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Akka Gazakowy,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy Çaryberdi Çarymowiç Orysowy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap birleşiginiň başlygy Meretdurdy Abdyllaýewiç Kitçimowy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap birleşiginiň başlygy Atamyrat Eşekgulowiç Garaýewi,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri Merdan Öwezmyradowiç Orazmyradowy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygy Orazmämmet Saparmämmedowiç Mämmedowy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri Bägül Gurbangeldiýewna Çaryýewany,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Berdimyrat Annameredowiç Nyýazdurdyýewi,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Serdar Sähetgulyýewiç Meredowy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Birata etrap Geňeşiniň başlygy Şirmämet Saparmamedowiç Weliýewi,

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Meýilnamalaşdyryş we maliýe bölüminiň hasapçysy Milýawşýa Nurlislamowna Didarowany,

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat şahamçasynyň başlygy Durdymämmet Tagandurdyýewiç Hajyýewi,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Trolleýbus hojalygy müdirliginiň trolleýbus sürüjisi Elýas Hanmedowy,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň bölüm başlygy Tirkeş Bazarowiç Çäşemowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Bereket lokomotiw deposynyň teplowoz sürüjisi Seýitguly Goşunowy,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Türkmenistan» howa ulaglary kärhanasynyň Aýratyn wajyp ýolagçylara we resmi wekiliýetlere hyzmat ediş gullugynyň başlygy Ilmyrat Babaýewiç Hojaýewi,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Türkmenistan» howa ulaglary kärhanasynyň Awiatehniki bazasynyň 4-nji önümhanasynyň inženeri Jora Hemraýewiç Jumaýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň Gidrometeorologiýa merkeziniň Çaklamalar bölüminiň esasy inženeri Marina Şahaýewna Agalhanowany,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň Tehniki merkeziniň inžener barlagçysy Gurbanmuhammet Muhyýewi,

Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň milli kitaphanasynyň redaktory Galina Arkadýewna Çuprowany,

Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň milli kitaphanasynyň kitap saklamak bölüminiň müdiri Täzegül Baýramowna Hannyýewany,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň guramaçylyk-wagyz işleri we umumy meseleler boýunça orunbasary Jennet Seitniýazowna Karanowany,

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Daganowna Ýangibaýewany,

Ahal welaýatynyň Tejen etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Ogultäç Nurberdiýewany,

Mary welaýatynyň Mary etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Akgözel Serdarowany,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň «Studiýa we dublýaž» bölüminiň müdiri Hojamuhammet Meläýewi,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň «Beýik galkynyş» bölüminiň redaktory Ogulgurban Gurbanowany,

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň Maddy-tehniki üpjünçiligi we kinonyň surata düşürilişini taýýarlaýan bölüminiň hünärmeni Hurma Hajymyradowany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň Gazet çap ediş önümhanasynyň çapçysy Öwlüýäguly Haldurdyýewi,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň Ak kagyz we harytlar önümhanasynyň sahaplaýjysy Sülgün Ataýewany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň Sahaplaýjy önümhanasynyň maşinisti Tyllagözel Tekenazarowna Durdyguliýewany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň maşinisti Meretgül Sapargylyjowany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenmetbugatüpjünçilik» maddy-tehniki üpjünçilik kärhanasynyň Önümçilik bölüminiň baş hünärmeni Myratgeldi Baýrammyradowy,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Balkan welaýat çaphanasynyň Türkmenbaşy şahamçasynyň kagyz kesijisi Tuwakbibi Sultanowany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Mary welaýat çaphanasynyň sahaplaýjysy Hurmagözel Kulyýewany,

«Watan» gazetiniň bölüm redaktory Nepesdurdy Mämmedowy,

«Mugallymlar gazeli» gazetiniň fotohabarçysy Amannazar Beçikowy,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Aşgabatagyzsuw» trestiniň ussasy Geldimämmet Ýegenmämmedowiç Baýryýewi,

Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrabynyň häkimliginiň Bagçylyk hojalygynyň ussasy Oguljennet Esenmämmedowany,

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurmuhammet Amandurdyýewiç Sähedowy,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ýaňgala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurýagdy Goşaýewi,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň A. Tahyrow adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçylyk toparynyň ýolbaşçysy Nurmyrat Gurbanowy,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Oboý» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hajymyrat Berdigylyjowy,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Atamämmet Atamämmedowy,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kiçik Urkinowy,

Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Alijan Jumanbaýewiç Reýimbaýewi,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Arazgül Golbaýewany,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň «8-nji Mart» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Öremyrat Çalyýewiç Muhammedowy,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň O.Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akjagül Allakulowany,

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Zerhal Bäşimowna Ýagşybaýewany,

Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gülzada Gündogdyýewany,

Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Jumanyýaz Çaryýewiç Rozykulyýewi,

Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Günhan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akbibi Hojageldiýewany,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Daýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aknabat Saparmuradowna Kurbanowany;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyn hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyn ylymda we tehnikada at gazanan işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyn Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Durdy Babaýewe,

Türkmenistanyn Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň Ösümlikleriň genetikasy barlaghanasynyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Gurbangeldi Mämmedowa,

Türkmenistanyn Ylymlar akademiýasynyň Fizika-matematika institutynyň baş ylmy işgäri, tehniki ylymlaryň doktory Myrat Mämmedowa,

Türkmenistanyn Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Orazdurdy Çommadowa;

«Türkmenistanyn at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyn Azyk senagaty assosiasiýasynyň piwospirtsiz we çakyr senagaty boýunça müdirliginiň başlygynyň orunbasary Orazgözel Hajyýewa,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň «Marygazgeofizika» ekspedisiýasynyň baş geology Myratdurdy Eminowiç Bäşimowa,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň burawlaýjylar toparynyň başlygy Halyk Tajiýewe,

Türkmenistanyn Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň elektrik montýory Uzakbaý Ýagmyrbaýewe;

«Türkmenistanyn at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyn Demir ýol ulaglary ministrliginiň Köprüleri gurmak boýunça müdirliginiň başlygy Ýagşymyrat Begmyradowiç Aşyrowa,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Daşoguz welaýat gara ýollary ulanyş müdirliginiň Boldumsaz etrap ýol bölüminiň awtogreýderçisi Rejep Ödekowa;

«Türkmenistanyn at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyn Demir ýol ulaglary ministrliginiň Türkmenabat lokomotiw deposynyň teplowoz sürüjisi Babakuly Hudaýberdyýewe,

Türkmenistanyn Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmen deňiz söwda floty müdirliginiň «Türkmenistan» gämisiniň kapitany Abdygapur Baýramberdä,

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik edarasynyň port kapitany Muhammet Durdyýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň «Lebapsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Lebap Altyn asyr Türkmen köl gurluşyk» dolanyşygynyň maşinisti Ibraim Joraýewiç Mametjumaýewe,

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň «Marysuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Maryýersuwgurluşyk» önümçilik kärhanasynyň ekskawatorçysy Kakamyrat Hojaýewiç Aýdogdyýewe,

Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň «Yeňiş» daýhan birleşiginiň başlygy Gurbannazar Saparowa,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rozymyrat Saparowa;

«Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Atçylyk sporty, gimnastika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek kafedrasynyň uly mugallymy Tejen Babalyýewe,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmen dili we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň professory Nurýagdy Nartyýewe,

Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Kakabaý Rozyýewe,

Aýratyn zehinli çagalaryň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň taryh mugallymy Ogulkeýik Çopanowa,

Aşgabat şäherindäki 52-nji orta mekdebiň müdiri Meretgül Meläýewna Ilýasowa,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň matematika mugallymy Rejepdurdy Gurdowiç Ýazdurdyýewe,

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Şabibi Kasymowa;

«Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň direktory Ejegyz Garajaýewna Rahmanowa,

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ulaglaryň, aragatnaşygyň statistikasy we seljerişi müdirliginiň başlygy Maral Atalyýewna Kakabaýewa;

«Türkmenistanyň at gazanan uçarmany» diýen hormatly ady:

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Türkmenistan» howa ulaglary kärhanasynyň «Mi-8» dikuçarynyň serkerdesi Nikolaý Sergeýewiç Maragine.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2010 ý. oktýabr aýynyň 23-i

№ PP-5663