Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 4, 833-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga, asyda durmuşy goramaga, harby gullukçylaryň söweşjeň tehnikalary we ýaraglary kämil özleşdirmeklerine goşan şahsy goşantlaryny hem-de Watanymyza we merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini göz öňünde tutup, karar edýärin:
Şulary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen;
04067-nji harby bölümiň serkerdesiniň orunbasary - dolandyryş bölüminiň başlygy, maýor Azat Tahyrowiç Jumaýewi;
20104-nji harby bölümiň serkerdesi, maýor Jeýhun Jumakulyýewiç Hudaýberdiýewi;
01241-nji harby bölümiň serkerdesi, maýor Amanmuhammet Täşliýewiç Öwlýägulyýewi;
04492-nji harby bölümiň himiýa gullugynyň başlygy, maýor Goçmyrat Tejenowiç Ýazmyradowy;
Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medaly bilen:
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Harby-howa güyçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň operatiw bölüminiň başlygy, polkownik Myrat Ilamanowiç Agaýewi;
Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin»
medalyň II derejesi bilen:
Türkmenistanyň Ýaragly Güyçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň serkerdebaşysynyň orunbasary, podpolkownik Bäşim Gurbanowiç Işangulyýewi;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň asmana atyjy-raketa goşunlarynyň başlygy - asmana atyjy-raketa goşunlary bölüminiň başlygy, podpolkownik Ýegendurdy Nurmämmedowiç Öýliýewi.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2010 ý. aprel aýynyň 29-y
№ PP-5590