Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

M. Şahberdiýewany Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

M. Şahberdiýewany Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

M. Şahberdiýewany Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr»

ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 2, 724-nji madda)

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda medeniýeti, sungaty ösdürmäge goşan saldamly goşandy, ajaýyp döredijilik üstünlikleri, ýaş zehinleri terbiýeläp ýetişdirmekde bitiren hyzmatlary, ýokary hünär ussatlygy üçin, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini göz öňünde tutup, Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewany Türkmenistanyň III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2010 ý. fewral aýynyň 24-i

№ PP-5549