«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 9-10, 1526-njy madda)
Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we ykdysady kuwatyny berkitmäge uly goşant goşandyklary, döwlet we jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşandyklary üçin hem-de döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we yhlasly zähmetini, gazanan ýokary netijelerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Myrat Sapargeldiýewiç Nazarowy;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Umumy bölüminiň müdiri Yklymberdi Öwezmyradowiç Paromowy;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Umumy bölüminiň Ýörite bölümçesiniň müdiri Baýramtuwak Orazgurbanowiç Tuwakbaýewi;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Umumy bölüminiň Hukuk bölümçesiniň müdiri Garagyz Annamyradowany;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Umumy bölüminiň Hukuk bölümçesiniň esasy hünärmeni Taganmyrat Dallaýewiç Goçyýewi;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Umumy bölüminiň Redaktirlemek we terjime bölümçesiniň esasy hünärmeni Hemra Haýtjanowy;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Umumy bölüminiň Redaktirlemek we terjime bölümçesiniň esasy hünärmeni Hojamuhammet Kakalyýewi;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Umumy bölüminiň Resmi namalar bilen işlemek bölümçesiniň II derejeli hünärmeni Çemen Mämmetweliýewany;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Hukuk goraýjy we harby edaralaryň işini seljeriş bölüminiň esasy hünärmeni Rejepgeldi Babagulyýewiç Nursähedowy;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Energetika we senagat bölüminiň esasy hünärmeni Çemen Joraýewna Ýusubowany;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Medeniýet bölüminiň esasy hünärmeni Tahyr Orazowiç Durdyýewi;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Buhgalteriýasynyň baş hasapçysy Ýelena Aleksandrowna Çernowany:
Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşkler toplumyny dolandyrmak we düýpli gurluşyklar müdiriýetiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşgüniň Resmi wekilýetlere hyzmat etmek bölümçesiniň müdiri Toýly Gulnazarowiç Goşaýewi;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Guwançgeldi Amangeldiýewiç Baýramowy;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Awtoulaglar kärhanasynyň direktory Röwşen Nurberdiýewiç Işanowy;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşkler toplumyny dolandyrmak we düýpli gurluşyklar müdiriýetiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşgüniň hojalyk müdiri Äşe Kömekowna Mädeminowany;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Desgalara hyzmat etmek baradaky Direksiýasynyň Arçmandaky uly myhmanhanany saklamak we hojalyk hyzmatyny etmek bölüminiň müdiri Kadyr Kadyrowy;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň 1-nji naharhanasynyň direktory Ýazmuhammet Işçiýewiç Gandymowy;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Gözegçilik-derňew bölüminiň müdiri Kulbibi Abutalipowna Kaýumowany;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Energiýa hojalygy bölüminiň müdiri Damir Tahirowiç Sabitowy;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşkler toplumyny dolandyrmak we düýpli gurluşyklar müdiriýetiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ilçileri kabul ediş köşgüniň hojalyk müdiri Arslan Aýmämmedowiç Ilmämmedowy.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. oktýabr aýynyň 30-y.
№ PP-5885