Gurban baýramyny bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Gurban baýramyny bellemek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 9-10, 1524-nji madda)
Türkmen halkynyň gymmatly ruhy baýlyklaryny gorap saklamak, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlaryny berjaý etmegine giň ýol açmak, milli baýramçylyklarymyzy has-da dabaralandyrmak baradaky asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Täze galkynyş eýýamynda merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, ahlak-ynsap päkizeligini has-da berkitmek maksady bilen, karar edýärin:
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2011-nji ýylyň 7-8-9-njy noýabrynda Gurban baýramyny bellemeli we şol günleri iş günleri däl diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2011-nji ýylyň 25-nji oktýabry.
№ PP-5877