Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk

şanly baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 9-10, 1515-nji madda)

Öşüşleriň täze döwrüne gadam basan hemişelik Bitarap Watanymyzda Garaşsyzlygyň geçen 20 ýylynyň içinde sazlaşykly ösýän ykdysady-durmuş ulgamy döredilip, ägirt uly özgertmeler amala aşyryldy we ýurdumyzyň dünýä ykdysady bileleşigine ygtybarly goşulmagy gazanyldy hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy üpjün edildi. Munuň özi ýurdumyzyň ruhy-medeni öşüsinde belent derejelere göterilmegine hem giň mümkinçilikleri döretdi. Diýarymyzyň gözel kesbi has-da özgerip, jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynda ajaýyp sazlaşyk, raýatlarymyzyň anyňda bolsa ruhy galkynyş emele geldi.

Аk mermere beslenen gözel paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda binagärlik sungatynyň naýbaşy eserlerine öwrülen medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň yzygiderli guralmagy we ulanmaga berilmegi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň has-da gullap ösmeginiň binýadyny üpjün etdi. Bu bolsa dünýäniň dürli döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklary ýola goýup, baý medeni mirasymyzyň, milli aýratynlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegine uly itergi berdi.

Täze galkynyş zamanasynda Türkmen medeniýetiniň, edebiýatynyň, teatr, saz, kino hem-de şekillendiriş sungatynyň, teleradioýaýlymlaryň, zurnalistikanyň, neşirýat işiniň we beýleki medeni aň-bilim ulgamlarynyň, bilimiň ösmegine we ýaş nesli terbiýelemäge, ilhalar eserleri döredip, milli medeniýetimiziň has-da kämilleşmegine goşan saldamly goşantlary üçin we ýokary ýerine ýetirijilik hem-de çeperçilik ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, tutanýerli zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady:

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň mugallymy Ilmyrat Nazarowiç Bekmiýewe,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Haýtmyrat Kakyşowiç Durdyýewe,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Gerek Omarowa;

«Türkmenistanyň halk suratkesi» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň mugallymy Babageldi Owganowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Jumadurdy Amandurdyýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkes, Garatay Begjanowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, Annageldi Haýdarowiç Kulyýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Annadurdy Myradalyýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Wladimir Ýakowlewiç Pawloskä;

«Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ady:

pensioner, bagşy Patyşaguly Germanowa;

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň Okuw mekdepleri, muzeýler we kitaphanalar bölüminiň baş hünärmeni Annaberdi Annamyradowa,

Türkmen telewideniýesinüi Baş müdirliginiň «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň Terjime bölüminiň diktory Bäşim Gurbanowa,

Oguzhan adyndaky «Türkmen film» birleşiginiň başlygynyň orunbasary Ýazmyrat Şadurdyýewe,

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň redaktory Gapbarguly Ballyýewiç Hümmedowa,

Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň başlygy Muhametdurdy Mamedowa,

Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň direktory Meretgul Gurbandurdyýewna Gürjiýewa,

Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň direktory Ahmet Halmyradowa,

Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň direktory Rejepmyrat Akmyradowiç Jepbarowa,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynyň bölümçe müdiri Tamara Aleksandrowna Latyşewa,

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň direktory Mähri Myradowna Myradowa,

«Ahal durmusy» welaýat gazetiniň habarçysy Ata Muhammet Muhammedowa,

Ahal welaýatynyň Kaka etrap Medeniýet bölüminiň müdiri Durdymyrat Esenowa,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap «Gökdepe mukamlary» aýdym-saz toparynyň sazandasy Oraztaç Atabalowna Myratberdiýewa,

Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary Agamyrat Soltanowa,

Mary welaýat medeniýet müdirliginiň baş hünärmeni Myrat Ömüre,

Mary welaýat medeniýet müdirliginiň esasy hünärmeni Ýazmyrat Daňatarowiç Nuryýewe,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Medeniýet bölüminiň başlygy Daňatar Seýitliýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Döwlet Hudaýberdiýewiç Gandymowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Gözel Hažyýewa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Maksatmyrat Kasymowiç Hydyrowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Aşyrmuhammet Işangulyýewe,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Baýramtäç Begmämmedowna Hojamämmedowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Aýsoltan Annaýarowna Kowusowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Annamyrat Agageldiýewiç Saparowa,

A.S.Puskin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti Anatoliý Gýeorgiýewiç Lubinese,

A.S.Puskin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti Sergeý Iwanowiç Nikitine,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Mamagül Nurbaýewna Durdyýewa,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Akmyrat Ammadowiç Esenowa,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Hurmagül Iskenderowa,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Sihmamed Mollaýewe,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Oraznepes Nurnepesowiç Öweznepesowa,

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artisti Magtymguly Hojaberdiýewiç Hudaýberdiýewe,

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artisti Bibitaç Gutliýewna Niýazowa,

Daşogzuň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Babadurdy Kemalowiç Babaýewe,

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Babamyrat Şerapowiç Aşyrowa,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Kakageldi Gullyýewiç Garajaýewe,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň uly mugallymy Durdyklyç Nyýazowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň dutar mugallymy Öwez Babageldiýewiç Orazmuhammedowa,

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň halk saz gurallary toparynyň sazandasy Annaseýit Ataýewiç Annamyradowa,

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Iri töwekgelçilikleri ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş bölüminiň baş hünärmeni Aşyrmyrat Möwlamberdiýewe,

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň «Watan» kinokonsert merkeziniň direktory Gandym Annadurdyýewe,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Medeniýet bolüminiň müdiriniň orunbasary Hanguly Tagandurdyýewiç Kütiýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady:

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Okuw bölüminiň müdiri uly mugallym Garýagdy Satlykowiç Saryýewe;

«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Hor dirizýorlygy kafedrasynyň uly mugallymy Ýelena Konstantinowna Moskwiçewa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Saz nazarýeti bölüminiň mugallymy Gülşat Amanmyradowna Ödenyýazowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Seýitnepes Nepesowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň mugallymy Atageldi Serdarowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Meretmuhammet Baýramowa,

Türkmenistanyň çeperçilik fondunyň döredijilik-önümçilik birleşiginiň baş suratkeşi Myrat Annagulyýewiç Hojagulyýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Rejepmuhammet Berdiýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Möjek Orazmyradowiç Çaryýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Agameret Orazowiç Garaýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Saparmämmet Koşaýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Gurbangeldi Gurbanowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Çary Hummedowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Kossekmyrat Nurmyradowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Kakageldi Seýitmuhammedowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş NikolaýAnatolýewiç Ýerşowa,

Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Şatlyk» tans toparynyň çереr ýolbaşçysy Şamyrat Gurbanowiç Hojaýewe,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyndaky Çagalar sungat mekdebiniň direktory Bibinagyma Babaýewna Mammedowa;

«Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň Halkara medeni aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Agadurdy Çaryýewiç Akmyradowa,

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň Habarlar we saz-söhbetli gepleşikler direksiýasynyň direktory Wepa Orazgeldiýewiç Nazarowa,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Atadurdy Gurbanowa,

«Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Täçgeldi Gulgeldiýewiç Gutlyýewe,

«Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Tagangül Şiriýewna Taganowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2011 ý. oktýabr aýynyň 07-i.

№ PP-5866