Oraza baýramyny bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Oraza baýramyny bellemek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 8, 1470-nji madda)
Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhyna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, ajaýyp däp-dessurlarymyzy berjaý etmek hem-de Täze galkynyş zamanamyzda mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, şeýle hem «Oraza baýramyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 2432-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:
Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2011-nji ýylyň 31-nji awgustynda bellemeli we şol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. awgust aýynyň 26-sy.
№ PP-5843