Pak Sang Uny Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Pak Sang Uny Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2011-nji ýyl, № 7, 1399-njy madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde saglygy goraýşy hem-de lukmançylyk ylmyny ösdürmäge mynasyp goşant goşandygy, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary berkitmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, doktor Pak Sang Uny Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. iýul aýynyň 19-y.
№ PP-5820